Inçhon-2014 Aziýa oýunlarynyň gurmaçylyk komitetiniň halkara gatnaşyklary we taslamalar boýunça dolandyryjysy Kim Hýung Jon bilen söhbetdeşlik

18:1415.09.2015
0
2158

- Meniň Türkmenistana ilkinji saparym. Men dünýäniň dürli döwletlerinden gelen 600 töweregi wekiliň gatnaşmagynda  geçirilýän  Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyna gatnaşmaga, şeýle-de  Inçhonda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryny geçirmekde, myhmanlary kabul etmekde, meýletinçileri taýýarlamakdaky tejribelerimizi türkmen kärdeşlerimiz bilen paýlaşmaga   geldim. Geňeşiň işine sebitiň beýleki iri sport guramalaryndan hem wekilleriň gatnaşmagy onuň netijeliligini artdyrdy. Indiki edilmeli işler, ýerine ýetirilmeli wezipeler anyk kesgitlenildi. Bu işde iri guramalaryň öz maslahatlaryny we goldawlaryny gaýgyrmaýandygy bizi begendirýär.

Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabatda  gurulýan Olimpiýa şäherjigi dünýäde iň bir iri sport merkezleriniň biridir. Bu ýerde geljekde köpsanly halkara derejesindäki iri  sport ýaryşlarynyň geçiriilmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Türkmenistana bu ugurda uly üstünlikler arzuw edýärin. Türkmen türgenlerine bolsa  2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V  Aziýa oýunlarynda ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň