Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şatlykly pursatlary

15:3115.09.2015
0
9312

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary we halypa mugallymlary özleriniň döredijilik eserleri bilen ýygy-ýygydan sergiler gurnaýarlar. 2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Arzygül Gotdaýewanyň, şeýle hem Moskwanyň Iwan Fedorow adyndaky Döwlet metbugat uniwersitetiniň kitap sungaty boýunça grafika institutynyň 6-njy ýyl talyby Pudakmyrat Pürmyradowyň şahsy sergisiniň açylyş dabarasy bolup geçýär.

Serginiň açylyşynda akademiýanyň ýene-de bir şatlykly dabarasy geçirildi.  Onda çeperçilik akademiýanyň Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolan mugallymlary: “nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň uly mugallymlary Kakageldi Gurbangeldiýewi “Türkmenistanyň Halk suratkeşi”, Gylyçmyrat Nurlyýewi hem-de “dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Gurbangeldi Meredowy “Sungatda at gazanan işgär” diýen at bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Altyn Asyr bäsleşiginiň ýeňijileri “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň mugallymy Gunça Myradowany, “nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň uly mugallymy Annageldi Jumaniýazowy, “Arhitektura” kafedrasynyň talyplary Gylyç Hajyýewi, Ýusup Gulowy, Sanjarbek Ysmailowy  gül desseleri bilen gyzgyn gutlanyldy.

Arzygül Gotdaýewa bilen Pudakmyrat Pürmyradowyň sergide görkezen işleri dürli žanrlarda ýerine ýetirilen. Onda Türkmenistanyň we Russiýanyň ajaýyp tebigatynyň peýzažlary, dürli zatlardan we güllerden  düzülen natýurmortlar, hem-de grafikada ýerine ýetirilen grawýura eserler görkezildi. Gurnalan sergide Pudakmyrat Pürmyradowyň grafika degişli “Ýartygulak”, “Gadymy şäher”, “Köneürgenç”, “Beýik Ýüpek ýoly”, “Öýe barýan ýol” hem-de Arzygül Gotdaýewanyň akwarel tehnikasynda ýerine ýetiren “Aşgabat seýilgähi”, “Ir-iýmişli natýurmort”, “Owadanyň portreti”, “Serdaryň portreti”, “Awtoportret”, “Mamamyň portreti” atly eserleri we beýlekiler köpçülige hödürlendi. Serginiň düýp maksady göreldeli  talyplaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekden hem-de oňa dogry baha  bermekden ybarat bolup durýar. Talyplar şekillendiriş sungatynda öz ýollaryny tapmaga synanyşýarlar. Talyplaryň eserlerinde ruhubelentlik we gelejege bolan uly ynam duýulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň