Soňky habarlar

Arhiw

AOG-niň wise-prezidenti, Pakistanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidenti Said Arif Hasan bilen söhbetdeşlik

16:3014.09.2015
0
2737

Türkmen kärdeşlerimizi professionalizmi we myhmansöýerligi — AOG-niň Baş Assambleýasy üçin ajaýyp şertler — diýip, AOG-niň wise-prezidenti, Pakistanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidenti Said Arif Hasan hasap edýär.

Ol “Türkmenportala” beren beýanatynda şeýle gürrüň berdi:

—Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi üçin örän wajyp maslahat geçýär. Oýunlaryň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň paýtagtynyň saýlanylyp alynmagy dogry netijedir. Siziň ýurduňyz olimpiýa sport hereketine ygrarlydygyny işjeň görkezýär, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri bolsa aňrybaş öwgüli sözlere mynasypdyr.

Türkmen kärdeşlerimiziň professional işi, olaryň myhmansöýerligi Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisine gatnaşyjylaryň ählisine diýseň amatly şertleri döredýär. Türkmenistanda şeýle ýokary derejedäki forumlary geçirmek üçin ähli şertler bar. Aýratyn-da, Aşgabadyň myhmanlaryna işjeň kömek berýän meýletin ýardamçylaryň alyp barýan işlerini belläsim gelýär.

Myhmansöýerligiňiz we türkmen topragynda ýygnanyp, Aziýa sebitiniň olimpiýa sport hereketiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň halkyna we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüne tüýs ýürekden minnetdarlyk bildiresim gelýär. Meniň alkyşly sözlerime Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisine gatnaşyjylaryň ählisiniň hem goşuljakdygyna ynanýaryn.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň