«Diwart» kärhanasy ýörite enjamlar arkaly wertikal ýüze özboluşly şekilleri çekmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.
Ýörite ultramelewşe syýa bilen diwarlara çekilen şekiller ýa-da tekst uzak ömürliligi hem-de solmaga garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Ýapyk gurşawlarda suratlar ýa-da ýazgylar 8 ýylyň dowamynda reňkleriniň öwüşginini ýitirýärler, açyk howada bolsa 3 ýyla çenli ýitirýärler.
«Diwart» kärhanasynyň şekilleri çekmek boýunça tehnologiýasy diwary islendik surat bilen – art, fotosurat, kollaž, grafiki faýl, meşhur suratyň nusgasy bilen bezemäge mümkinçilik berýär. Şekiller diňe bir otagy bezemek we özboluşly atmosferany döretmek bilen çäklenmän, eýsem, döredijilikli maglumat çeşmesi (shema, tablisa, maglumat bermek maksatly tekst we ş.m.) hökmünde çykyş edip bilýär.
Wertikal görnüşde çap etmek işi ýörite printeriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Şekiller ähli görnüşli diwarlara – agaç, metal, beton, aýna materiallaryň, keramiki plitkanyň, oboýlaryň, emulsiýa örtüginiň üstüne çekilip bilner. Çap etmegiň şeýle usuly şekilleriň durulygyny we reňkleriň ýitiligini üpjün edýär. Şekiller ýa-da tekst şekilýän wagty akmaýar, örän uzak wagtyň dowamynda solmaýar, çyglylyga garşy durnuklydyr we zyýanly maddalary bölüp çykarmaýar.
Kompaniýanyň saýtynda diňe bir «Diwartyň» ussalarynyň käbir işleri bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem, hususy sargydyňyzyň bahasyny hem kesgitläp bilersiňiz: ýörite kalkulýatoryň kömegi bilen uzynlygy we ini görkezip, çekiljek şekiliň bahasyny kesgitlemek bolýar.
«Diwart» bilen şu salgy boýunça kompaniýanyň saýtynda ýa-da sosial ulgamdaky sahypasynda habarlaşyp bilersiňiz.
«Diwartyň» ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, 71-nji jaý. Goşmaça maglumat üçin telefonlar: (+993 62) 92 94 41, (+993 12) 48 64 75.