Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda tennis boýunça halkara ýaryşy badalga aldy

06:2614.09.2015
0
1279

Geçen dynç günleri türkmen paýtagtynda 13 – ýaşdan 18 –ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda,  däbe öwrülen “Ashgabat-сup” atly 5-nji halkara ýaryşy badalga aldy. Ýaryşa Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan  jemi 80-den gowrak türgen gatnaşýar.

Ýaryşlar “Aşgabat” köpugurly sport toplumynyň tennis meýdançalarynda geçirilýär. Deslapky tapgyrda,  derejeleýin usuldaky bäsleşikleriň jemleri boýunça, oglanlar we gyzlar toparlarynda 32-tennisçiden ybarat bolan, Kubok ugrunda oýny dowam etdirjek oýunçylaryň düzümi kesgitlenildi. Ýaryşyň final böleginiň oýunlary 15-nji sentýabrda  geçiriler. Şeýle hem şol gün tennis boýunça halkara ýaryşyň resmi açylyş dabarasy geçiriler.

Ýetginjekleriň arasynda Türkmenistandan birinji belgide sport ussady Hajymyrat Çaryýew çykyş edýär. Tälimçilerimiz bu türgene uly umyt baglaýarlar. Çünki, ol eýýäm ýurdumyzda geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazanmagy başardy. Geçen ýyl “Aşhgabat - сup” atly ýaryşyň baýragy  ugrundaky dördünji halkara ýaryşda Hajymyrat jübütleýin bäsleşikde altyn medala mynasyp boldy.

Şeýle hem biziň ildeşlerimiziň hataryndan Hangeldi Batyrow, Allanur Garryýew we Andreý Kaşşenko dagynyň ýeňiş gazanmaga oňat mümkinçilikleri bar.

Gyzlarymyzyň arasynda sport ussady Jahan Baýramowa “birinji raketka” hasaplanylýar. Jahan hem halkara derejesindäki  ýaryşlarda çykyş edip, ýeterlik tejribe toplady. Ol geçen ýyl Koreýanyň Inçhon şäherinde geçen ХХVII tomusky Aziýa oýunlarynda çykyş etdi. Jahan bilen bilelikde geljegi uly hasaplanylýan ýaş tennisçiler Maral Ahmedowa, Güljan Muhammetgulyýewa we Diana Bezruçenko dagy hem ýeňiş gazanmak ugrunda güýç synanyşarlar.

Bu türgenler derejeleýin bäsleşikleri üstünlikli geçdiler. Indi olar “Aşhgabat - сup” halkara ýaryşynyň final böleginde, baýraklar üçin göreşi dowam ederler. Final ýaryşlary 20-nji sentýabra çenli geçiriler.

Bu ýaryşlar tamamlanandan soňra,  “Aşgabat” sport toplumynyň tennis meýdançalarynda ýene bir ýaryş, 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Bütindünýä Tennis Federasiýasynyň halkara ýaryşy geçiriler. Paýtagtymyzda 13-nji gezek geçiriljek bu ýaryş  dürli ýurtlardan has köp türgenleri özüne jemlär. Bütindünýä Tennis Federasiýasynyň Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryşynyň ýeňijileri 27-nji sentýabrda belli bolar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň