Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Sauda bu ýurtda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan edip, Saud Arabystanynyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik dileg etdi.