Soňky habarlar

Arhiw

Awazada Amangözel Şagulyýewanyň täze edebi neşiriniň — goşgular kitabynyň şahyryň doglan gününiň 75 ýyllygyna gabatlanan tanyşdyryş dabarasy geçirildi

12:2913.09.2015
0
30908

11-nji sentýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guralýan dabaralaryň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent ada mynasyp bolan Amangözel Şagulyýewanyň täze edebi neşiriniň — goşgular kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy bu belent derejä hem-de “Altyn Aý” medalyna milli medeniýeti, çeper edebiýaty we şygryýeti ösdürmäge uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.

Şahyryň doglan gününiň 75 ýyllygyna gabatlanan tanyşdyryş dabarasy “Berkarar” myhmanhanasynda geçirildi. Dabara ählihalk forumynyň — Ýaşulular maslahatynyň wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, sungat ussatlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Täze neşir awtoryň uzak we örän netijeli döredijilik hem-de durmuş ýoly barada özboluşly hasabat bolup durýar. Bu döredijilik ýoly bolsa onuň çagalyk, ýaşlyk ýyllarynda we häzirki döwürde ýazan goşgularynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Şahyryň liriki, watançylyk we beýleki köp sanly goşgulary “Göwün otyr aý içinde” atly kitabynda ýerleşdirildi.

Gözel Şagulyýewanyň döredijiligini derýa bilen deňeşdirmek bolýar. Alladan  berlen zehin, dag derelerinde dörän çeşmejik ýaly, wagtyň geçmegi bilen kenarlarynda ajaýyp ylham joşgunynyň baglary gülläp ösýän joşgunly derýa öwrüldi. Häzir onuň goşgulary Türkmenistanyň ähli künjeklerinde söýlüp okalýar. Ýürek joşgunyndan dörän  bu şygyrlar tele we radio gepleşiklerde, konsertlerde, döredijilik duşuşyklarynda ýaňlanýar.

Bu goşgulara onlarça aýdymlar ýazyldy, olaryň köpüsi beýleki dillere terjime edildi. Şahyryň şygryýeti inçe we mähirli duýgulara, umumyadamzat gymmatlyklara wepalylyga ýugrulandyr. Goşgularyň  her bir setirinde şahyryň we mähriban topragyna, eziz halkyna wepaly ynsanyň kalbynyň mähri duýulýar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler — Şagulyýewanyň kärdeşleri, dostlary, onuň zehinine sarpa goýýanlar hut şular barada gürrüň etdiler.

.....Ykrar edilmäge hem-de meşhurlyga barýan ýol ilkibaşda ýeňil bolmady, ýöne, kynçylyklara garamazdan, guýmagursak zehini ony öňe gitmäge ruhlandyrdy. 1970-nji ýylda “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasyna Mary şäherinden goşguly hat gelip gowuşdy. Munuň özi adaty ýagdaýdy. Çünki, özüni döredijilik äleminde synap görýän adamlaryň köpüsi neşirlere goşgularyny hem-de hekaýalaryny iberýärdi. Ýöne, Gözeliň goşgulary beýlekileriňkiden düýpli tapawutlanýardy. Gazetiň işgäri — ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar Ezizow üçin bu täze, özboluşly zehiniň açylyşy boldy.

Şondan bir ýyl geçenden soň, Gözel Şagulyýewa Türkmenistanyň meşhur şahyrlary bilen bilelikde edebiýatçylaryň duşuşygyna gatnaşýar. Şol döwürde onuň goşgulary gazetleriň we žurnallaryň köpüsinde çap edilýär. Häzirki wagta çenli şahyryň goşgularynyň  birnäçe ýygyndysy  neşir edildi. Täze kitapda bolsa müňlerçe  eserleriň iň gowulary jemlendi.  Bu kitap onuň zehininiň we edebi ussatlygynyň özboluşly özenine öwrüldi.

Döredijilik duşuşygynda şahyr zenan özüniň goşgularyny okap, joşgunly setirler arkaly şygryýet  muşdaklaryna ýürek mährini paýlady. A. Şagulyýewa özüniň döredijiligine beren ýokary bahasy üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň aýratyn üns bermegi hem-de goldawy netijesinde häzirki wagtda milli medeniýetiň ösmegine  we täze sepgitlere çykmagyna kuwwatly itergi berlendigini belledi. Bu ulgamdaky döwlet syýasaty jemgyýetimiziň ruhy-medeni ösüşine, ata babalarymyzyň mirasyna aýawly garamaga, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň dowamatlylygyna, milli däpleriň, ene dilimiziň özboluşlylygyny saklap galmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipe — milletiň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek, halkymyzyň täsin döredijilik däplerini mynasyp dowam etdirmek, hem-de türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap galyp, döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döretmek wezipesi durýar.

Dabara gatnaşanlar ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, metbugat wekilleriniň netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi, bu ulgamlar üçin hünärmenleri taýýarlamak, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak üçin ajaýyp şertleriň döredilmeginde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny bellediler.

Şu maksat bilen ýurdumyzda dürli festiwallar, sergiler we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Olara diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem beýleki döwletleriň hem medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we ýaş zehinleri gatnaşýarlar.

Öz nobatynda, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem-de goşulyşmagyna, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam edýärler.

Halk şahyryna muşdaklary tarapyndan ajaýyp gül desseleri gowşurylan tanyşdyryş dabarasynda bellenilişi ýaly, häzirki türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetleriniň biri-de onuň jebisligi we mizemez agzybirligi, halkyň öz milli Lideriniň daşyna berk jebisleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol bitewilik bolsa Garaşsyzlygyň hem-de Bitaraplygyň ýörelgelerine aýdyň düşünmeklige, ruhy däp-dessurlara, medeni mirasa daýanýar. Kitaba sarpa goýmak bolsa şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Biziň elektron we Internet asyrymyzda hem kitap öz ähmiýetini ýitirmän saklaýar we parahatçylygyň, gözelligiň, hoşniýetliligiň we hakyky gymmatlyklaryň ýörelgeleriniň berkarar bolmagyny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň