Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Energetika senagatynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

10:2812.09.2015
0
7742

Hormatly energetika senagatynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Soňky ýyllarda döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwrebap energetika enjamlaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin ägirt uly möçberde maýa goýum serişdeleri goýberildi. Şonuň netijesinde, pudagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, gysga wagtyň içinde iri taslamalar amala aşyryldy, täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Bu bolsa, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, onuň artykmaç bölegini daşary ýurtlara hem barha artýan möçberlerde ibermek üçin amatly şertleri döreder.

Şu ýyl Mary welaýatynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän, kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berdik. Bu taslama Merkezi Aziýa sebitinde in iri taslama bolup, onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga, sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiligini düýpgöter gowulandyrmaga, elektrik energiýasynyň önümçiliginde sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini has-da artdyrmaga, in esasy zat bolsa, daşky gurşawy goramaga ýardam berer.

 Energetika desgalarynyň gurluşygy bilen birlikde, ýurdumyzyň çäklerinde müňlerçe kilometre uzalyp gidýän elektrik geçirijileriniň birnäçesi çalşyldy, täze energetika enjamlary oturdyldy. Senagat taýdan geljegi uly bolan «Galkynyş» gaz käniniň, Amyderýanyň sag kenaryndaky nebitgazly ýataklaryň, elektrik energiýasyny köp mukdarda sarp edýän döwrebap önümçilikleriň, şeýle hem beýleki iri senagat kärhanalarynyň daşky elektrik üpjünçiligini ýola goýmak boýunça taslamalar durmuşa geçirildi. Bu işleriň ählisiniň türkmen energetikleriniň öndürijilikli zähmeti netijesinde durmuşa geçirilendigi bu baýramçylyk gününde aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň işgärleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini, paýtagtymyz Aşgabat şäherini we welaýatlarymyzyň edara-kärhanalaryny hem-de ilatly ýerlerini, täze gurulýan döwrebap obalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin gurlan döwrebap elektrik stansiýalaryny dolandyrmakda we olara tehniki hyzmat etmekde uly tejribe topladylar.

Biz ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, energiýa serişdelerini halkymyzyň bähbitlerine, her bir raýatymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirýäris. Ýurdumyzyň energetika pudagyny has-da ösdürmek, ähli baýlyklarymyzy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirmek babatda entek öňümizde uly wezipeler durýar.

Ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň halkalaýyn energiýa ulgamyny emele getirmek, energiýa tygşytlaýjy kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça uly işleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Garaşsyz Watanymyzyň geljekki ösüşleri bilen baglylykda elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artjakdygy göz öňünde tutulyp kabul edilen «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda gurulmaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçirijileri öňümizde goýýan maksatlarymyzy durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.

 Hormatly energetika senagatynyň işgärleri!

Biziň ýurdumyz elektrik energiýasyny Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystan Yslam Respublikasyna barha artýan möçberlerde iberýär. Şonuň bilen birlikde, elektrik energiýasynyň iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ykdysady taýdan amatly bolup durýar.

Häzirki döwürde bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişi has-da artýar. Şonuň üçin hem, dünýäniň birnäçe döwletleri Türkmenistan bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa, biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, ykdysadyýetimizi ösdürmekde energetika senagatynyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen energetikleriniň öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdyklaryna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen elektrik energiýasyny öndürmekde, energetika desgalaryna hyzmat etmekde hem-de olardan netijeli peýdalanmakda uly üstünlikleri gazanjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly energetika senagatynyň işgärleri!

Sizi Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň