Ildeşlerimiziň dynç alan tapgyrynda Guamyň we Omanyň ýygyndylary utuk ýitirdi

00:4309.09.2015
0
1087

2018-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň we 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasy boýunça nobatdaky saýlama duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dynç alan tapgyrynda ildeşlerimiziň topardaşlary gyzykly duşuşyklary geçirdiler. Günüň dowamynda geçirilen iki duşuşykda derwezelere jemi 3 pökgi girdi.

Günüň ilkinji duşuşygynda geçen tapgyrda Eýranyň milli ýygyndysyndan uly hasap bilen utulan guamly futbolçylar geçen gezek ildeşlerimiz bilen duşuşan Omanyň milli ýygyndysyny kabul etdi. Saýlama tapgyryň duşuşyklarynda öz meýdanynda ýekeje gezek hem ýeňilmedik Guamyň milli ýygyndysy bu gezek gezek güýçli garşydaşlaryndan asgyn gelmedi, ýöne olaryň özlerine-de hasaby açmak başartmady. Şeýlelikde, 0:0 hasabynda tamamlanan duşuşykda emin jemi dört sany sary kart görkezdi.

Toparyň iň güýçli ýygyndysy hasaplanylýan goňşularymyz — Eýranyň milli ýygyndysy bolsa şu gün gadymy hindi topragynda myhmançylykda çykyş etdiler. Garaşylşy ýaly, bu duşuşyk myhmanlaryň artykmaçlygy bilen geçdi. Toparçanyň iň netijeli hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun 29-njy minutda Eýranyň milli ýygyndysyny öňe çykardy. Duşuşygyň ikinji ýarymyna hem güýçli hüjüm bilen başlan myhmanlar ilkinji 5 minudyň dowamynda ýer eýeleriniň derwezesine ýene-de iki pökgini geçirdiler. Duşuşyk şu hasap bilen hem jemlendi.

Dünýä we Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry: "D" toparça, 8-nji sentýabrdaky duşuşyklaryň netijesi:

Guam 0 - 0 Oman 
Duýduryş alan futbolçylar: 35' Ahmed Al Mahajri (Oman), 42' Brandon McDonald (Guam), 52' Abdul Aziz Al Muqbali (Oman) 75' Jonathan Romero  (Guam)

Hindistan 0-3 Eýran
Gollar:
Serdar Azmun 29', Andranik Teymourian 47', Mehdi Taremi 49'
Duýduryş alan futbolçylar: 24' Pronay Halder (Hindistan), 42'  Omid Zarandini Ebrahimi (Eýran), 90' Morteza Pouraliganji (Eýran).

Şeýlelikde, toparçada indi Eýranyň, Omanyň we Guamyň 7 utugy bar. Ildeşlerimiz bolsa 1 utuk toplap, dördünji ýerde barýarlar. Hindistanyň milli ýygyndysynyň entek utugy ýok. Bu bolsa ildelerimize entek hem Aziýa çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna çykmaga mümkinçilik berýär. Galyberse, tapgyrda Guam bilen Omanyň utuk ýitirmegi hem türkmen futbolçy üçin bähbitlidir. Oktýabr aýynda Aşgabatda boljak iki duuşykda ýeňiş gazanyp bilen ýagdaýynda ildeşlerimize üçünji orna çykmaga mümkinçilik bar. Bu bolsa ildeşlerimiziň nobatdaky tapgyrlara çykmagyny has anyklaşdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň