Türkmenistanyň Prezidenti “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti Igor Makarowy kabul etdi

16:2107.09.2015
0
4061

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti  Igor Makarowy kabul etdi.

Igor Makarowyň Russiýa Federasiýasynyň “Katýuşa” welosipedçiler toparyna ýolbaşçylyk edýändigini, bu toparyň dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýändigini bellemeli.  

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de özara söhbetdeşlikde köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän holdinginiň daşary ýurt  işewürliginiň üstünlikli işlemegi üçin hemme şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmakdaky gyzyklanmalaryny nygtady.

Döwlet Baştutany meşhur rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeşlikde açyk gapylar syýasatyny hem-de özara bähbitlerde netijeli gatnaşyklary yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistanyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak, aýratyn hem özlerini ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp taslamalaryny durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda Igor Makarow döwlet Baştutanyna ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar berdi, şeýle hem birnäçe ugurlarda mundan beýläk-de bilelikde işlemek boýunça täze tekliplerini aýtdy.

Myhman türkmen Lideriniň belliklerini üns bilen diňläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň berlen ähli tabşyryklary mynasyp ýerine ýetirjekdigine hem-de olaryň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmegi üçin hemme tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda öz ähmiýeti we möçberi boýunça bolup geçýän deňsiz-taýsyz özgertmelere, şol sanda Hazar deňziniň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy bolan halkara dynç alyş merkezini döretmek babatda ägirt uly taslamany durmuşa geçirmek boýunça özgertmelere özüniň tüýs ýürekden begenýändigini beýan edip, I.Makarow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban   halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri, özbaşdak Türkmenistanyň has-da gülläp ösmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman welosiped sportyny ösdürmegiň ýolunda biziň ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyza täze nusgadaky sport welosipedini sowgat etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň