Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza-2023» halkara festiwalynda Gazagystana «Žorga» we «Aktau-sazy» halk ansambllary wekilçilik edýär

13:5412.06.2023
0
32442

Gazagystanyň Aktau şäheriniň tansçylary — «Žorga» halk topary we «Aktau-sazy» halk döredijiligi ansambly 13 – 16-njy iýun aralygynda Türkmenistanda geçiriljek «Awaza-2023» halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşar.

1997-nji ýylda döredilen «Žorga» tans ansambly tans sungatynyň dürli ugurlaryny, şol sanda halk döredijiligini, pop, gündogar tanslaryny ýerine ýetiriş ussatlygy bilen bellidir.

Topar yzygiderli ýakyn we uzak ýurtlara syýahat edýär. Toparyň hasabynda birnäçe abraýly ýaryşlaryň, festiwallaryň baýraklarydyr diplomlary bar.

Öz halkynyň asyl etniki medeniýetini wagyz edýän Gazagystanyň «Aktau-sazy» ansambly hem halkara ýaryşlardyr festiwallaryň birnäçe gezek ýeňijisidir.

Gazagystanyň «Aktau Sazy» halk döredijiligi toparynyň we «Žorga» tans ansamblynyň 2011-nji ýylda Aşgabatda geçirilen «Türk halklarynyň medeni mirasy» halkara festiwalyna hem gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň