Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň işine gatnaşar

12:4705.09.2015
0
2320

Hasabatyň çäklerinde şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 24—27-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş sapary bolar. Bütindünýä forumynyň gün tertibine syýasy, durmuş-ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa we beýleki möhüm meseleleriň ençemesi giriziler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň münberinden Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlary, şeýle hem netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary beýan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň