«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizildi

11:3910.06.2023
0
42477

Şu gün «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny resmi taýdan güýje girdi. Kanun «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Girizilen goşmaça 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň harby gullukçylaryň ätiýaçlandyryş kepillikleri we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hukugy baradaky 19-njy maddasyna degişlidir. Bu maddanyň sekizinji böleginden soň şu mazmunly bölek goşuldy:

«81. Harby gullukçylar (harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar) harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly (harby ýygnanyşyklarda) wepat bolan (aradan çykan) ýa-da şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde mundan beýläk harby gullugy geçmäge mümkinçiligi bolmadyk, maýyplyk bellenilen, şeýle hem harby gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda (harby ýygnanyşyklarda) şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşadylan (harby ýygnanyşyklary tamamlan) gününden beýläk bir ýylyň dowamynda aradan çykan halatlarynda, zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen gulluk barlagynyň netijesi hem-de harby-lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasy esasynda amala aşyrylýar.».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň