Soňky habarlar

Arhiw

«Post Shop» söwda platformasy türkmen telekeçilerini we dürli haryt öndürijilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

11:2910.06.2023
0
37354

«Post Shop» söwda platformasy türkmen telekeçilerine we halkyň sarp edýän köpdürli önümlerini öndürijilerine harytlaryny ýerlemek üçin işjeň meýdançadyr.

«Post Shop» satyjylaryň we alyjylaryň biri-birini çalt tapyp biljek ýeridir. Onda hojalyk tehnikalarynyň, kanselýariýa harytlarynyň, çagalar üçin harytlaryň, şeýle hem höwesjeň balykçylar, awçylar we öý hojalykçylar üçin harytlaryň satuwy barada maglumatlar ýerleşdirilendir. Onlaýn marketiň aýry-aýry bölümlerinde gap-gaçlar we aşhana esbaplary, gurluşyk materiallary, elektron enjamlar, kosmetika we parfýumeriýa, hojalyk himiki serişdeleri we başga-da köpdürli harytlar hödürlenýär.

«Post Shop» söwda platformasynyň diňe bir Aşgabadyň ýaşaýjylaryna däl, eýsem, ýurduň sebitlerine-de harytlary eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirmegi türkmen öndürijileriniň önümleriniň çalt ýerlenilmegini üpjün edýär. Müşderilere harytlaryň öz wagtynda eltilip berilmegi «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «gapydan-gapa» Çaparçylyk hyzmaty arkaly üpjün edilýär.

Onlaýn-markete shop.post.tm salgysy arkaly girmek mümkindir.

«Post Shop» söwda platformasynyň web nusgada hem, «Google Play-den» ýükläp alyp bolýan ykjam programma görnüşinde hem elýeterlidir.

«Post Shop-yň» wekilleri bilen (+993 65) 72 89 52 telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň