Soňky habarlar

Arhiw

Çabga Hytaýda bugdaý hasylyny ýok etdi

13:5009.06.2023
0
31031

Hytaýyň Henan ülkesinde yzyny üzmän ýagan çabga ýagyşlary netijesinde, bugdaý hasyly elden gitdi. Daýhanlaryň sözlerine görä, çabga netijesinde sebitde bugdaý şineledi, soňra hasyl harap boldy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Sebitiň ejir çeken ýerlerine ýurduň oba hojalyk ministri baryp gördi. Edara 28 million dollar kömek bermegi meýilleşdirýär. Bu Hytaýyň iri bugdaý öndüriji Henan ülkesine hasyl ýitgisinde goldaw berer.

Ýerli daýhan: - Hasyl şineledi. Bu bitginsizlik bilen deňdir. Özem ol yzyny kesmän ýagan ýagyşlar döwründe boldy. Indi toprak öl, kombaýnlar bolsa meýdana çykyp bilenok. Bu hakyky heläkçilik - diýip, gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň