Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wengriýanyň premýer-ministri Aşgabada geldi, Türkmenistan we Päkistan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrar, Türkmen wekiliýeti Kazandaky «Geljegi şekillendirmek» forumyna gatnaşýar we beýleki habarlar

09:0609.06.2023
0
27157

Türkmenistanda

1. 8-nji iýunda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda türkmen halkynyň Milli Mideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýan duşuşygyň wajypdygyny belläp, häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi giňeltmek üçin türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny nygtady.

2. Penşenbe güni TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak boýunça bilelikdäki meýilnama "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew we Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministri Mian Muhammet Şehbaz Şarif gol çekdi. Duşuşyk Türkmenistan wekiliýetiniň Pakistana iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Mian Muhammet Şehbaz Şerif Pakistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýetli boljak TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji taslamalarynyň möhletiniň ir tamamlanmagyny goldaýandygyny tassyklady.

3. Kazanda Bilim ministrliginiň «Geljegi şäkillendirmek» atly halkara gorumy öz işine başlady, oňa 20-den gowrak döwletiň degişli pudagynyň wekilleri gatnaşýarlar. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar bilimiň ykdysadyýeti ösdürmekdäki ornuny, ýokary hilli bilimiň elýeterliligini, çagalar we ýaşlar bilen işleşmegiň, çagalaryň dynç alşynyň, beýleki ýurtlarda rus dilini öwrenmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi agentligiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň elektron haryt-ulag delil hatynyň elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň döredilmegini üpjün etmäge, şeýle hem Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhlete taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

5. «Türkmen howa ýollary» 2023-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Aşgabat – Jidda – Aşgabat we Aşgabat – Medine – Aşgabat ugurlary boýunça sekiz howa gatnawyny amala aşyrar. Mekgä we Medinä haj parzyny berjaý etmek isleýän türkmenistanly zyýaratçylar «Boeing 777-200» uçarynda Saud Arabystanynyň şäherlerine bararlar. Ýatlatsak, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti şu ýylda 2300-den gowrak zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystanyna ibermegi meýilleşdirýär.

6. 9 – 14-nji iýun aralygynda Türkmenistanda geçiriljek Rus kinosynyň we animasiýasynyň hepdeliginiň çäklerinde paýtagtdaky «Aşgabat» we «Berkarar» kinoteatrlarynda 20-den gowrak film görkezmek meýilleşdirilýär. Şu gün «Aşgabat» kinoteatrynda Rus kinosynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy bolar, 11-nji iýunda bolsa bu ýerde Russiýanyň güni mynasybetli baýramçylyk çykyşlary geçiriler. Ähli çykyşlara çakylyklary kinoteatrlaryň kassalaryndan alyp bilersiňiz.

Dünýäde

7. Nýu-Ýork ştatynyň ýolbaşçylary Kanadada dörän ýangyn sebäpli howanyň hapalanmagyny we goýy tüssäniň emele gelmegini göz öňünde tutup, ilata bir million sany lukmançylyk respiratorlaryny paýlarlar. Gubernator ştatda emele gelen ýagdaýy «saglygy goraýyş we ekologiýa pudaklarynda krizis» diýip atlandyrdy. Nýu-ýorkyň demir ýol menzillerinde we jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalarynda 400 müň respirator örtüklerini paýlamak meýilleşdirilýär. Galan 600 müň örtük beýeki şäherleriň häkimiýetlerine paýlanar. Ozal ýerli häkimiýetleriň wekilleri ýaşaýjylara zerurlyk ýüze çykmadyk ýagdaýynda öýden çykmazlygy we gorag örtüklerini dakynmagy maslahat beripdi.

8. Kopengagen uniwersitetiniň alymlary 176 sany ýaponiýaly ýaşy 100-den geçen sagdyn adamlary barlagdan geçirip, olaryň ählisini aşgazanyndaky bakteriýalaryň we wiruslaryň garyndysynyň birleşdirýändigini ýüze çykardylar. Olar adamlaryň kesellere garşy durnuklylygyny artdyrýan täze molekulalary öndürýärler. Alymlaryň pikiri düşnükli: eger uzak ýaşan adamlaryň aşgazany kesellere garşy goragly bolsa, bu olaryň beýlekilerden uzak ýaşamagynyň syry bolup biler. Adamlaryň genetiki aýratynlygyny üýtgedip bolmasa-da, alymlar aşganazyň biodüzümine «uzak ýaşamaga kömek edýän» garyndyny goşup, ony üýtgedip bolar diýip çaklaýarlar.

Sport habarlary

9. Türkmen tennisçileri Aşgabatda geçirilýän 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň birinjiliginde taryhda ilkinji gezek Özbegistanyň toparyndan üstün çykdylar. Olimpiýa şäherçesinde geçirilýän ýaryşyň dördünji gününde aşgabatly Süleýman Hudaýberdiýew, Nazargeldi Amangeldiýew we Türkmenabadyň tennis mekdebiniň okuwçysy Aly Geldiýew tapawutlanmagy başardylar. Özbegistany jemi 3:0 hasabynda ýeňen türkmenistanly ýetginjekler çempionatyň sanawynda ikinji orna çykmagy başardylar, şeýdip olarda Merkezi Aziýanyň birinjiliginde ilkinji gezek kümüş medal gazanmak mümkinçiligi döredi. Türkmenistanyň zenanlar toparlary barada aýdanymyzda, olar şu gün özbegistanly garşydaşlaryndan 0:3 hasabynda ýeňildiler, şeýlelikde, olar ýaryşyň iň soňky güni bürünç medal ugruna täjigistanyň wekilleri bilen duşuşarlar. Türkmenistanda Halkara (ITF) we Aziýanyň (ATF) Tennis federasiýalarynyň howandarlygynda ikinji gezek tennis boýunça sebitleýin ýaryş geçirilýär. Dört ýyl mundan öň Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýanyň birinjiliginde türkmen oglanlar we gyzlar ýygyndylary üçünji orny eýeläpdiler.

10. Gawanada Halkara agyr atletika federasiýasynyň Gran-pri çempionaty başlandy. Çempionat 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrydyr. Çempionatda Türkmenistana 3 türgen wekilçilik eder. Olaryň hatarynda meşhur agyr atletikaçylar – Gaýgysyz Töräýew, Şatlyk Şöhradow we Türkmenistanyň täze taryhynda Olimpiýa oýunlarynda ilkinji kümüş medaly gazanan Polina Gurýewa bar. Gawanadaky ýaryşa 72 döwletden 400-den gowrak türgen gatnaşar.

11. Türkmenistanly FIFA-nyň emini Çarymyrat gurbanow we eminiň kömekçisi Ahmet Begnazarow CAFA Milletler kubogynyň oýunlarynda eminlik ederler. Çempionat 10 – 20-nji iýun aralygynda Bişkekde we Daşkentde geçiriler. Kuboga Owganystanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Omanyň milli ýygyndylary gatnaşarlar. Bije çekişligiň netijelerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistanyň, Täjigistanyň we Omanyň toparlary bilen «A» toparçada oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň