Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly tennisçiler Merkezi Aziýanyň birinjiliginde ilkinji utulyşa sezewar boldular

23:5407.06.2023
0
18113

Şu gün Aşgabat şäherinde 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň üçünji gününiň oýunlary geçirildi.

Bu günde Türkmenistanyň ýygyndy topary sport ýaryşynyň geçen ýyl Daşkent şäherinde geçirilen oýunlarynyň ýeňijisi Gazagystanyň topary bilen duşuşdy. Olimpiýa şäherjiginiň tennis toplumyndaky meýdançada iki topar hem çekeleşikli bäsleşdiler ― diýip, TDH habar berýär.

Ýadymyzda bolsa, Aşgabatda geçirilýän sport ýaryşynyň açylyş gününde Gazagystanyň ýygyndysy owganystanly garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ýeňillik bilen üstün çykdylar. Sport ýaryşynyň ikinji gününde hem gazagystanly ýaş tennisçiler şu hasap bilen Täjigistandan gelen oglanlar we gyzlar ýygyndylaryny ýeňmegi başardylar.

Gazagystanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýunlar türkmensitanly tennisçiler üçin turuwbaşdan ýeňil bolmady. Muňa garamazdan, ýaş tennisçi oglan gyzlar gazagystanly ýaş sport ussatlaryna garşy mynasyp oýun görkezmegi başardylar. Türkmenabat şäherindäki tennis sport mekdebiniň ýaş türgeni Aly Geldiýew gazagystanly Arnur Tursunhanowa garşy geçiren duşuşygynda soňuna çenli göreşdi we oýnuň her aýlawynda bir utuk gazanmagy başardy. Muňa garamazdan, Alynyň gazanan utuklary ýeňiş üçin ýeterlik bolmady: 1:6, 1:6.

Sport ýaryşyna gatnaşýan Aýlar Kakabaýewanyň garşydaşy Ýasmin Dussembaýewa garşy görkezen garşylyklary hem ýeňşe ýetmäge mümkinçilik bermedi: 1:6, 2:6.

Şu günki geçirilen ýekeleýin we toparlaýyn duşuşyklarda Gazagystanyň oglanlar we gyzlar toparlary sport ýaryşynda ýeňiji bolmak üçin uly ädim ätdiler. Ýeňiji bolmak üçin olar Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň toparlary bilen duşuşyklary geçirerler. Özbegistanyň ýygyndysy 8-nji iýunda ýer eýeleri – ýurdumyzyň ýygyndy topary bilen duşuşyklary geçirerler.

Ertirki oýunlaryň geçiş tertibine laýyklykda, Gazagystan Gyrgyzystan bilen, Täjigistan hem Owganystan bilen duşuşyklary geçirer.

12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy 9-njy iýunda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň