Türkmenistan Daşkentde ÝUNESKO-nyň medeni mirasy goramak boýunça okuw seminaryna gatnaşdy

20:5207.06.2023
0
30682
Türkmenistan Daşkentde ÝUNESKO-nyň medeni mirasy goramak boýunça okuw seminaryna gatnaşdy
Surat: uzdaily.uz

5 — 7-nji iýunda ÝUNESKO-nyň guramagynda Daşkentde «Merkezi Aziýada we Owganystanda medeni emläkleriň bikanun söwdasyna garşy göreş: hukuk goraýjy we kazyýet ulgamy üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça trening» atly sebitleýin seminar geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, «UzDaily.uz» habar berdi.

Bu seminara Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Pakistanyň hukuk goraýjy we kazyýet işgärleri, şeýle hem medeni emläkleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ugrunda zerur bilimleri we başarnyklary baýlaşdyrmak maksady bilen Ýewropada ýaşaýan owganlar gatnaşýarlar.

INTERPOL, Bütindünýä gümrük guramasy (WCO) we Halkara muzeýler geňeşi (ICOM) bilen bilelikde guralan seminar medeni emläkleriň bikanun söwdasyny aradan aýyrmak boýunça maglumat alyş-çalşygyna we çäreleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän tory döretmek arkaly sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu seminar maglumat alyş-çalyş ulgamyny döretmek we bikanun satylan medeni emläkleri ele geçirmek üçin çäreleri utgaşdyrmak arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygyň üsti bilen jogapkär işgärleriň zerur bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga hyzmat eder diýlip, habarda aýdylýar. Bu okuw seminarynyň, medeni emläkleriň bikanun söwdasyna garşy göreşi täze derejä çykarmakda, şeýle hem olaryň ogurlanmagynyň we galplaşdyrylmagynyň öňüni almakda möhüm ädim boljakdygy bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň