Soňky habarlar

Arhiw

Eýran Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döreder

16:4607.06.2023
0
19404

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýär. Bu gaz Merkezi Pars aýlagynda — Eýranyň günortasyndaky Buşehr welaýatynda ýerleşýän Asaluýeh senagat sebitinde dörediler diýip, «ISNA» agentligi Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Owji Eýran Yslam Respublikasynyň gaýtadan dikeldilýän gaz gorlarynyň möçberiniň 33 trillion kub metre barabardygyny belleýär. Şeýle hem ol Eýranyň bu tebigy baýlygyň ätiýaçlyklary boýunça dünýäde ikinji ýerde durýandygyny nygtaýar.

«Biz Russiýanyň, Türkmenistanyň we Kataryň kömegi bilen Pars aýlagyny we Asaluýehi gaz merkezine öwürmäge çalyşýarys» diýip, «ISNA» ministriň sözlerini getirýär.

Şeýle hem ministr taslama boýunça zerur taýýarlyklaryň we meýilleşdiriş işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň