Çalgy ýaglaryny öndürýän iri kompaniýa Türkmenistanda hyzmatlaryny giňeldýär

17:4107.06.2023
0
31201
Çalgy ýaglaryny öndürýän iri kompaniýa Türkmenistanda hyzmatlaryny giňeldýär
Surat: bnamericas.com

«Chevron»-yň baý halkara tehnologiýa tejribesine esaslanýan «Texaco® Lubricants» Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynda, Özbegistanda we Gyrgyz Respublikasynda öz önümlerini hödürlemek bilen bagly meýilnamalaryny giňeldýändigi barada habar berdi.

«Chevron Europe Finished Lubricants» kompaniýasynyň baş müdiri Pet MakKlaud: «Türkmenistana, Gazagystana, Özbegistana we Gyrgyzystana köp görnüşli çalgy ýaglarymyzy hödürläp, Merkezi Aziýada täze hyzmatdaşlyga başlaýarys. Energetika pudagynda öňdebaryjylardan biri hökmünde biz maşynlaryň we enjamlaryň öndürijiligini ýokarlandyrmakda öz önümlerimiziň — çalgy ýaglaryň möhümdigini bilýäris» diýip, belledi. Onuň sözlerini «Ustinka» paýlaşdy.

«Texaco» 40 ýurtda 10 müň 587 işgäri bolan dünýäde 4-nji uly nebit kompaniýasy hasaplanylýan «Chevron» brendler maşgalasyna degişlidir. Kompaniýa awtoulaglaryň dürli görnüşleri üçin motor ýaglaryny, antifrizleri, geçiriji suwuklyklarydyr beýleki ýaglary öndürýär. Kompaniýanyň önümleri dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda satylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň