Soňky habarlar

Arhiw

Guraklyk sebäpli Yragyň ilaty göçýär

11:3007.06.2023
0
21464

Yragyň günortasynda uzaga çeken guraklyk sebäpli ilat başga etraplara göçmäge mejbur bolýar. Birwagtky bol suwly derýalar batgalyga öwrüldi, netijede, ýerli balykçylar eklenç çeşmesinden mahrum boldy. Adamlar goňşy etraplara göçmäge mejbur bolýarlar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Yrakda guraklyk sebäpli 60 müň töweregi adam başga ýerlere göçmäge mejbur boldy. Bu san ýene artar diýlip garaşylýar. Ýurduň hökümetiniň habaryna görä, guraklyga derýalarda gatlalaryň gurulmagy, suw gorlarynyň bisarpa ulanylmagy, şeýle-de ygalyň azalmagyna getiren howanyň üýtgemegi sebäp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň