Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogynyň 1-nji tapgyryndaky duşuşykda iň soňky 10 minutlyga çenli deňligi goran «Energetik» derwezesinde 83-nji minutda gören goly bilen «Şagadamdan» asgyn geldi.
1:0 hasabynda «Şagadamyň» haýryna tamamlanan duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 83-nji minutda Guwanç Abylow geçirdi.
«Şagadam» ýaryşyň 2-nji tapgyrynda ertir «Merw» bilen güýç synanyşar. «Energetik» bolsa edil özi ýaly 1-nji tapgyrda utulan «Ahaly» utup, ýaryş tertibinde ýokary göterilmäge synanyşar.