Soňky habarlar

Arhiw

Hindi tagamlaryny bişirmek boýunça ussatlyk sapagy geçirildi

10:4707.06.2023
0
25812

5-nji iýunda Aşgabatda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda hindi tagamlaryny bişirmek boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Çärä Hindistanyň köp sanly türkmen dostlary we diplomatik gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Rasoý: Hindistanyň tagamy» atly ýurduň milli tagamlaryny taýýarlamak boýunça ussatlyk sapagynda hindi zenanlar birleşiginiň agzalary çykyş etdi. Onuň dowamynda nahar taýýarlamak ussatlyklygyny synap gördüler.

Dabaranyň dowamynda hindi zenanlar birleşiginiň agzalary dürli görnüşli hindi tagamlarynyň taýýarlanyşy, olary bişirmegiň inçe syrlaryny görkezdiler. Şeýle hem çärä gatnaşyjy gelin-gyzlar hindi tagamlarynyň käbirini bişirmekde öz başarnyklaryny synap gördüler.

Meýdançanyň burçunda çäräniň ady we döwlet nyşanlary, hindi milli iýmit önümleri, bezegleri sergilendi.

Ussatlyk sapagynyň ahyrynda ähli gatnaşyjylara hindi tagamlary hödür edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň