TFF-niň kubogy ― 2023: «Merw» «Aşgabady» uly hasap bilen ýeňdi

10:4507.06.2023
0
17399

Marynyň «Merw» futbol topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda geçiren ilkinji duşuşygynda «Aşgabatdan» 4:1 hasabynda üstün çykdy. Bu barada «Janköýer» habar berýär.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 21-nji we 37-nji minutlarda Alibek Abdyrahmanow, 36-njy minutda Musa Nurnazarow, 68-nji minutda bolsa Toýly Goçnazarow geçirdi. «Aşgabadyň» ýeke-täk goly bolsa 31-nji minutda Söhbet Allanurowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyndan soň geldi.

Ýaryşyň 2-nji tapgyrynda «Merw» ertir «Şagadam» bilen, «Aşgabat» bolsa «Altyn asyr» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň