Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

21:5406.06.2023
0
26995
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatyna wise-premýer N.Amannepesow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de ýurduň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar we bu ugurda bar bolan dünýäniň ösen tejribesini içgin öwrendiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabatynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilendigi, onuň dowamynda Türkmenistanyň çäginde bar bolan çig mal serişdeleriniň ekologiýa we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän suw çeşmelerini önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň bolandygy hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň polipropilen we polietilen önümlerinden taýýarlanylan, lukmançylyk edaralarynda yzygiderli ulanylýan sanjym enjamlarynyň ulanmak babatda ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Şeýle-de Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň hünärmenleriniň türkmen kärdeşleri bilen geňeşmeleri geçirip, bu ugurda tejribe alşylandygy hakynda aýdyldy. Bellenilişi ýaly, munuň özi Türkmenistanda bar bolan çig mallardan dermanlyk serişdeleri, saglygy goraýyş ulgamynda zerur hasaplanylýan dürli erginleri öndürmekde aýratyn möhümdir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýeti barada aýdyp, bu ugurda ylmy işleriň alnyp barylmalydygyny, şunda daşary ýurtlaryň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyny belledi.

Iş maslahatynyň barşynda şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işinde beýan edilýän ösümlikler, olary gaýtadan işlemegiň ugurlary we ýurtda derman serişdelerini öndürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy esasda öwrenilýändigi barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, ýurduň lukmanlarynyň we bu ugur boýunça iş alyp barýan alymlarynyň degişli ylmy-seljeriş işlerini geçirmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, alnyp barylýan ylmy-seljeriş işleriniň netijeleri boýunça dermanlyk serişdeleri we lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça halkara bäsleşiginiň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilmelidir. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ähli ugurlara degişli bolan önümçilik toplumlarynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Ikinji tapgyrda bina ediljek önümçilik kuwwatlyklarynyň, aýratyn-da, lukmançylyk edaralarynyň ýokary hilli gurluşygy bilen bir hatarda olaryň enjamlaşdyrylyş we üpjünçilik derejesine zerur üns berilmelidir.

Türkmen topragynda bar bolan çig mallardan we ekologiýa taýdan arassa çeşme suwlaryndan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň mukdaryny artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu önümleriň içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň eksport mümkinçilikleriniň hem artjakdygyna ynam bildirdi. Bellenişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, halkara guramalar, aýratyn hem, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklar işjeň ösdürilmelidir. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda degişli düzümler bilen birlikde sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere ýene bir gezek ünsi çekip, geljekde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat maksatly desgalary gurmak we olarda ýokary derejede önümçiligi ýola goýmak bilen bagly işleri düýpli seljerip, bu ugurda özara maslahatlaşyp, anyk çözgütlere gelinmelidigini, her bir işe oýlanyşykly çemeleşilmelidigini nygtady. Degişli işleriň geçirilmeginiň netijesinde bolsa halkara bäsleşigiň yglan edilmeginiň maksada laýykdygyny belledi hem-de bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyna aýratyn ähmiýet berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň