Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

20:0606.06.2023
0
18584
Türkmen wekiliýeti Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Surat: mfa.gov.tm

Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýeti Täjigistana sapar bilen geldi.

Nobatdaky mejlise şonuň ýaly-da, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, AHHG-ny esaslandyryjy-döwletleriň beýleki resmi wekilleri, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarydyr düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Müdiriýetiň agzalaryna Täjigistanyň başlyklyk eden döwründe AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň alyp baran işleri, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň 4-nji Meýilnamasynyň (PBAM-4) taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, AHHG-nyň guramaçylyk gurluşynyň we şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça Iş toparynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada, AHHG-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý çäreleriniň guramaçylygy we geçirilişi, 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen AHHG-nyň esaslandyryjy-döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar, beýleki derwaýys ugurlar boýunça giňişleýin maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýle-de çykyş edenler AHHG-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary alyşdylar we geçen döwür içinde bu sebitleýin düzümiň gazanan sepgitlerine seredip geçdiler.

AHHG-nyň Müdiriýetiniň mejlisi Müdiriýetiň birnäçe çözgütlerine gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy.

Täjigistana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 5 — 7-nji iýuny aralygynda Duşenbede AHHG-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek «Merkezi Aziýa: güýçli sebitleýin institut arkaly durnukly geljege tarap» atly Halkara maslahatyň işine hem gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň