Soňky habarlar

Arhiw

Tokioda görülmedik yssy: adamlar gün urmadan ejir çekýär

14:2806.06.2023
0
26909
Tokioda görülmedik yssy: adamlar gün urmadan ejir çekýär
Surat: ktrk.kg

Tokioda ýylyň şu pasly üçin görlüp-eşidilmedik yssy howa höküm sürýär. Alty adam gün urmadan hassahana eltildi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Olaryň arasynda iki sany mekdep okuwçysy hem bar, olar sport ýaryşy wagtynda özlerini ýaramaz duýdular. Ýene bäş ýetginjek gün urmadan ejir çekdi, olary hassahana eltmek gerek bolmady.

Üç adam hassahanada bejergi alýar. Ýaponiýada duşenbe güni jokrama yssy boldy, Togiki prefekturasynda termometriň sütünjigi 32 gradusdan geçdi, Tokioda we Nagoýede 30 gradus yssy. Şeýle howa adatça bu ýerlerde tomsuň ortasynda— iýulyň aýagynda bolýar we sentýabra çenli dowam edýär diýip, NHK teleýaýlymy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň