Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze gurlan köp gatly awtoduralganyň açylyş dabarasy boldy

16:0702.09.2015
0
3439

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze gurlan köp gatly awtoduralganyň açylyşy boldy. Bu desga ilata  gije-gündiziň dowamynda hyzmat eder. Onuň içinde bir wagtda 300 sany awtoulag ýerleşýär.

Bu ýerde iň ýokarky gatdan paýtagtymyzyň gözel keşbi görünýär. Aşgabat şäheriniň ýol ulag düzüminiň çalt depginler bilen döwrebaplaşdyrylýandygyny, täze ýollaryň çekilýändigini, bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenýändigini, estakada köprüleriniň, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleriniň çalt depginlerde gurulýar.

Awtoduralganyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda awtoulaglaryň hereketiniň artmagy bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara awtoduralgalaryň sanyny artdyrmak, olary oýlanyşykly ýerleşdirmek, aýratyn-da ýaşaýyş jaý toplumlarynda we iri söwda merkezleriniň golaýynda ýerleşdirmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň