Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy bäş esse artdy

17:4204.06.2023
0
11822

2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bäş esse artdy, şu ýylyň başyndan bäri bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, iki esse ýokarlandy.

Muny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Aşgabatda guralan kabul edişlikde eden çykyşynda aýtdy diýip «Trend.az» habar berdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Bakuda altynjy mejlisi geçirilen hökümetara ykdysady komissiýanyň işiniň möhümdigini belledi we onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant boljakdygyna umyt bildirdi.

Wise-premýer Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň strategik taýdan möhüm pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikleri açýan ägirt uly uglewodorod ätiýaçlyklarynyň möhüm potensialynyň bardygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Atdaýew iki ýurduň hem Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda strategik taýdan möhüm geografiki ýerleşişe eýedigini, munuň bolsa üstaşyr gatnaw we ýakyn halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga mümkinçilik döredýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň