Kazanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

16:5204.06.2023
0
10689
Kazanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi
Surat: kazan.tmconsulate.gov.tm

Kazan şäherinde Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Weloýöriş Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsullygy tarapyndan guraldy. Bu barada türkmen konsullygynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlaryndan ybarat ýaş oglan-gyzlar ir bilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşmak üçin ýygnandylar. Welosipedli ýöriş «Uram» ekstremal seýilgähinden başlandy we Kazanka derýasynyň boýundaky Kreml kenarýakasy boýunça dowam etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu welosipedli ýöriş oňa gatnaşyjylaryň arasynda toparlaýyn sport ruhuny has-da güýçlendirdi. Olar bu çäräniň her ýyl yzygiderli guralmagyny, şeýle hem her gün tigir sürmek bilen meşgullanmak isleýändiklerini bellediler.

Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä welosiped güni 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň