Resmi: Benzema «Realy» terk eder

18:1104.06.2023
0
30297

«Real» klubynyň metbugat gullugy fransiýaly hüjümçi Karim Benzemanyň tomusda topar bilen hoşlaşjakdygyny resmi ýagdaýda mälim etdi.

Sport neşirleriniň ýazmagyna görä, 35 ýaşly hüjümçiniň öz karýerasyny Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» toparynda dowam etdirmegi mümkin. Habarlarda «Al-Ittihadyň» fransiýaly hüjümçä umumy bahasy 200 million ýewrolyk 2 ýyllyk şertnama hödürländigi bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Karim Benzema «Lionyň» futbol akademiýasynyň uçurymy bolup, 2009-njy ýylda «Realyň» düzümine goşulypdy. Ol şu wagtda çenli «Realyň» lybasynda 353 gol urdy hem-de 25 sany toparlaýyn kuboga mynasyp boldy. 2022-nji ýylda bolsa ol futbolçylaryň arasyndaky iň abraýly şahsy baýrak bolan «Altyn topa» hem eýe çykdy.

Karim Benzema şu möwsümde «Realyň» düzüminde 42 oýunda meýdança çykyp, 32 gezek tapawutlanmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň