Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy

23:5503.06.2023
0
37564
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda şäherde ulanylmagy meýilleşdirilýän döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy hem-de olary barlap, synag edip gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary, şeýle-de Arkadag şäheriniň awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy garşyladylar.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulaglar üçin ýörite köp orunly duralgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu ýerde elektrik energiýasy we ýag ýangyjy bilen hereket edýän awtoulaglaryň hersiniň aýratynlykda duralgalarynyň bolmagy göz öňünde tutulýar. Döwrebap duralgalarda ulaglaryň elmydama tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin giň hyzmatlar ýola goýlar. Awtoulaglaryň hemişe saz işlemegi üçin innowasion mümkinçiliklerden peýdalanylar. Şeýle hem bu ýerde ulaglaryň herekete başlamazdan öňürti howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek üçin möhüm işler geçiriler. Mundan başga-da, bu ýerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli döwrebap serişdeler ornaşdyrylar. Şeýlelikde, sanlylaşdyrylan duralgalar Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäklerinde jemgyýetçilik ulaglary hökmünde, ilata hyzmat etmek maksady bilen, ulanylmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman elektromobil taksileri we elektrobuslar bilen tanyşdy. Bu ulagyň elektrik zarýad beriji ulgamynyň işleýşi barlanyldy.

Häzirki zaman elektromobiliniň ýene-de bir uly aýratynlygy onuň gapysynda kýu-ar (QR) kodunyň bolmagydyr. Şonuň kömegi bilen, Internet ulgamy arkaly, elektromobil taksi barada, hususan-da, onuň tehniki häsiýetnamalary, sürüjisi, ulagyň şäheriň haýsy künjeginde hereket edýändigi we ençeme beýlekiler barada doly maglumatlary alyp bolýar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow elektrobuslaryň hem sanly ulgam arkaly işleýän hut şular ýaly döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilendigi bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri soňra täze şäherde ulanyljak elektrobuslaryň, elektromobil taksileriň hem-de Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik howpsuzlygyny goramakda ulanyljak elektromobiliň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygyna şeýle-de häzirki zaman jemgyýetçilik ulagy hökmünde, ilata hyzmat etmek maksady bilen, ulanylmagy meýilleşdirilýän elektrobuslaryň Arkadag şäheriniň çäklerinde hereket etjek ugurlarynyň meýilnamalary görkezildi. Hödürlenen işleriň hatarynda şeýle hem Arkadag şäherinde ulanyljak elektrobuslar we elektromobiller üçin bellige alyş nokadynyň meýilleşdirilýän wagtlaýyn ýer böleginiň baş meýilnamasy hem-de Arkadag şäherinde ulanyljak elektrobuslar we elektromobiller üçin bellige alyş nokadynyň meýilleşdirilýän wagtlaýyn ýer böleginiň şekil taslamasy bar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň binalarynyň we ýollarynyň abadanlaşdyrylyşy boýunça şekil taslamalary görkezildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary we çyzgylary gözden geçirip, birnäçe bellikleri aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda şäheriň häkimi Ş.Durdylyýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowdan ilata hyzmat etjek döwrebap elektromobili ilkinji bolup synagdan geçirip bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy elektromobili herekete girizip, Akhan şaýoluna tarap ugur aldy hem-de täze ulagy synag edip gördi. Türkmen halkynyň Milli Lideri elektromobili ussatlyk bilen dolandyryp, ýolugra onuň tehniki ýagdaýyny gözden geçirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününde synag edilip görlen elektrobusyň we elektromobiliň tehniki häsiýetnamalaryny göz öňünde tutup, olaryň ulanylyş aýratynlyklary hem-de ekologiýa, döwrebaplyk we rahatlyk taýdan amatlylygy babatda degişli işleriň geçirilmegini tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň