Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi

23:5303.06.2023
0
29361
Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi
Surat: mejlis.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlara garaldy hem-de olar kabul edildi.

Maslahata birnäçe degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen resminamalaryň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň