Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

23:2703.06.2023
0
33901
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu çäre ýurduň paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi.

Ir bilen döwlet Baştutany Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmak üçin Aşgabadyň Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasyna geldi. Bu ýerde estrada ýyldyzlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşy ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowyň welosipedli ýörişe badalga bermegi bilen, dabara gatnaşyjylaryň ählisi welosipedli ýörişe başladylar.

Welosipedli ýörişiň barşynda, döwlet Baştutany ýolugra türkmen tebigatynyň gözelliklerini synlady hem-de ýurtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa syýasaty babatda wise-premýer A.Ýazmyradowa birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Welosipedli ýörişe ýurduň ýolbaşçy düzümi, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Sungat ussatlarynyň ýurduň gülläp ösüşini, türkmen sportuny wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyga özboluşly sowgat boldy.

Welosipedli ýöriş Aşgabadyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça üstünlikli geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň