Soňky habarlar

Arhiw

Tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň bijeleri çekiler

18:2103.06.2023
0
19128

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň metbugat gullugy 12 ýaş we ondan kiçi türgenleriň arasynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň bijeleriniň 4-nji iýun güni Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde çekiljekdigini habar berdi.

Bije çekişlik dabarasy şol gün sagat 14:30-da başlanar. Şondan soň Türkmenistandan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistan we Özbegistandan körpe tennisçileriň gatnaşýan ýaryşynda kimiň kim bilen duşuşjakdygy belli bolar.

Ýaryşyň oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Ýaryşa 5-nji iýunda badalga berler we ol 9-njy iýunda tamamlanar.

Ýakynda ýaryşa gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndysynyň mälim edilendigini ýatladýarys.

Mundan dört ýyl ozal Aşgabatda geçirilen edil şeýle ýaryşda türkmen ýygyndysy bürüç medala mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň