Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde halkara forumlar geçiriler

22:3902.06.2023
0
19793

Türkmenistan 5-nji iýunda belleniljek Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli iki sany halkara forumy geçirmäge taýýarlanýar. Bu barada 2-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada aýtmak bilen, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Meýilnama laýyklykda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşdäki ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça meselelere bagyşlanan forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle-de mejlisde wise-premýer A.Ýazmyradow Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, Aralýaka sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý-gorag zolaklaryny döretmegiň göz öňünde tutulýandygy barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu sebitlerde tokaý zolaklarynyň dörediljek ýerlerini we ekiljek bag nahallarynyň görnüşlerini kesgitlemek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer ýurtda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen resminama gol çekdi. Döwlet Baştutany resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, onda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň