Dünýäde millionerleriň sany azaldy

10:3603.06.2023
0
24749
Dünýäde millionerleriň sany azaldy
Surat: kuban24.tv

«Capgemini» konsalting firmasy soňky 10 ýylda dünýäde millionerleriň sanyny çakdanaşa azalandygyny hasaba aldy diýip, «Tengrinews.kz» saýty ýazýar.

Geçen ýyl millionerleriň sany öňki ýyldakydan 3,3 göterim azaldy.

Netijede, dünýäniň iň baý adamlarynyň umumy emlägi 3,6 göterim, ýagny 83 trillion dollara çenli pese gaçdy.

«Capgemini» kompaniýasynyň maliýe hünärmenleri 71 ýurtdaky emläk ýagdaýy seljerdiler. Alnan netijelere görä, baý adamlaryň has azalan sebitiniň Demirgazyk Amerikadygy belli boldy, bu ýerde görkeziji 7,4 göterim pese gaçdy. Ýewropada bu görkeziji 3,2, Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde 2,7 göterime deň boldy. Emma dünýädäki harby gapma-garşylyklar sebäpli, Afrikada,

Latyn Amerikasynda we Ýakyn Gündogarda millionerleriň sany nebitiň hem-de gazyň nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň hasabyna ösüş görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň