Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy giňelder

16:0002.06.2023
0
20935
Türkmenistan Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy giňelder
Surat: embassyturkmenistaninfrance

Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Halkara sergiler býurosynyň (HSB) ştab-kwartirasynda guramanyň Baş sekretary Dmitriý Kergentzes bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen diplomaty guramada Türkmenistana wekilçilik etmek üçin ynanç hatyny gowşurdy hem-de HSB-niň Baş sekretary bilen sebit we dünýä ähmiýetli bilelikdäki çäreleri geçirmek babatdaky hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pariždäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki sergileri we beýleki ugurdaş gözden geçirişleri geçirmek duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalaryň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny mälim etdi. Şeýle-de Türkmenistan bilen guramanyň arasynda degişli taslamalary durmuşa geçirmekde zerur tejribäniň toplanylandygy, hususan-da, türkmen halkynyň medeniýetini we taryhyny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmak üçin birnäçe bilelikdäki sergileriň üstünlikli geçirilendigi aýratyn nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň