Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary BAE-niň klubuny uly hasap bilen ýeňdi

03:4130.08.2015
0
4425

Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary ýoldaşlyk duşuşygynda Al-Hamriýa toparyny (BAE) uly hasap bilen ýeňdiler — 5:0. Pökgüleri Guwanç Abylow, Şöhrat Söýünow, Serdaraly Ataýew, Altymyrat Annadurdyýew we Berdi Şamyradow geçirdiler.

Duşuşyk Dubaý şäherinde geçirildi. Düzüminde alty milli klubdan 18 oýunçy bolan toparymyz bu ýerde 31-nji awgusta çenli Dünýä çempionaty — 2018-iň Omanyň ýygyndysyna garşy 3-nji sentýabrda Maskatda boljak saýlama duşuşygyna taýýarlyk görer.

Bu oýna çagyrylan daşary ýurtlarda çykyş edýän futbolçylarymyz — Ruslan Mingazow (“Ýablones”, Çehiýa), Artur Geworkýan (“Nasaf”, Özbegistan) we Arslanmyrat Amanow (“Almalyk”, Özbegistan) topara Omanyň paýtagtynda goşularlar.

Omanyň we Türkmenistanyň futbolçylarynyň “D” saýlama toparçasynda çykyş edýändigini ýatladýarys. Häzirlikçe omanlylaryň bir duşuşykdan soň 3, Türkmenistanlylaryň bolsa iki oýundan 1 utuklary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň