Ruslan Mingazow näme üçin milli ýygynda çagyrylmady?

09:4802.06.2023
0
19388

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň CAFA ― 2023 üçin düzümi kesgitlenensoň, hemmeleri ilki bilen şu sowal gyzyklandyrdy. Okyjylarymyzyň gyzyklanmasyny göz öňünde tutup, «Turkmenportal» baş tälimçi Mergen Orazowa ýüzlendi:

Häzirlikçe, Ruslan Mingazowyň Daşkende gidip bilmeýändigini aýdyp bilerin. Biz bu karara oýunçynyň özi we tälimçiler düzümimiz bilen maslahatlaşyp geldik. Oňa dynç almak we maşgalasy bulen wagt geçirmek üçin mümkinçilik berdik.

Bilşiňiz ýaly, Ruslan ýakynda ýene bir ajaýyp üstünligiň eýesi boldy ― Gonkongyň çempionatynyň geçen möwsüminde «Iň gowy oýunçy» diýlip ykrar edildi. Çempionat onuň üçin ýeňil bolmady. Biz oňa ynanýarys, geljekki duşuşyklarymyzda Ruslan hem öz ýeri bolar. Ýöne häzir oňa dynç almak gerek ― diýip, baş tälimçi habarçymyza jogap berdi.

Söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň