Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

20:5701.06.2023
0
32635
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Surat: newscentralasia.net

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşiklerde häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlygy olaryň üstüni ýetirdi.
Sebitiň howpsuzlyk meseleleri hyzmatdaşlygyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli meseleler boýunça gurama bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň ygrarlydygy beýan edildi.

Şunuň bilen bir hatarda, anyk ugurlar, şol sanda energiýa serişdeleriň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny meýilleşdirmek boýunça möhüm çäreleriň zerurdy bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde sebitde we dünýäde parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek maksadynda ÝHHG bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, hanym Helga Şmide berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň