Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we ABŞ tebigy betbagtcylyklarda ynsanlary halas etmek endiklerini gowulandyrýarlar

22:5929.08.2015
0
5682


24-28 awgust aralygynda Türkmenistan we ABŞ bilelikde "Tebigy betbagtçylyklarda we şikes ýetende ilkinji kömek bermek" atly amaly-okuw maslahatyny geçirdi. Taraplar gyssagly hereket etmek gulluklarynyň hünärmenleriniň taýýarlygy, gaýra goýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, jana howply şikesleri tanamak we howply şikeslere sezewar bolan pidalaryň halas bolma mümkinçiligini artdyrýan gyssagly ýagdaýda berilýän lukmançylyk bejergi boýunça esasy endikleri üpjün etmegi boýunça iň göreldeli tejribelerini paýlaşdylar.

28-nji awgustda geçirilen ýapylyş dabarasynda, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard şeýle diýdi: "Biz iki-ýurdy hem gyzyklandyrýan ugurlarda mümkinçiliklerimizi artdyrýan hyzmatdaşlygyň tarapynda durýarys. Adamlary halas etmek ugry bolsa hut şular ýaly ugurlaryň biri bolup durýar."

Şu hepdäniň dowamynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Harby hyzmatdaşlyk bölümi ABŞ-nyň ýaragly howa güyçleriniň lukmançylyk gullugynyň müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň lukmançylyk gullugy üçin bäş günlik amaly-okuw maslahatyny geçirdi. Bu okuw maslahaty 28-nji awgustda esasy jemleýji sapak bilen tamamlandy.

Bu jemleýji sapak –uly tebigy betbagtçylygyň simulýäsiýasy bolup, gatnaşyjylara şolar ýaly halatlarda pidalaryň ýagdaýyna baha bermek, olara gaýra goýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek we howply ýerlerden göçürmek bilen bagly täze öwrenen endiklerini görkezmäge mümkinçilik berdi.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň