Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

17:3401.06.2023
0
20895

Türkmenistanyň 4-nji iýulda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar. Ilkibaşda Hindistanyň Deli şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen bu sammit wideoaragatnaşyk arkaly guralar. Bu barada Hindistanyň DIM-niň resmi saýtyna salgylanyp, «The Hindu» neşiri habar berdi.

Hindistanyň başlyklyk etmegine geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine Türkmenistan hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Şeýle-de sammite gurama agza döwletler bolan Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň, üç sany synçy döwlet — Eýranyň, Belarusyň we Mongoliýanyň döwlet ýa-da hökümet ýolbaşçylary gatnaşarlar. Sammite iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, ŞHG-niň mundan ozalky sammiti 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilipdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň