Eksklýuziw söhbetdeşlikden kesimler: türkmen ýygyndysy garşydaş toparlaryň ýiti hüjümlerinden ýaýdanmaýar

13:0801.06.2023
0
15967

Ýene 10 günden Gyrgyzystanyň Bişkek we Özbegistanyň Daşkent şäherlerinde futbol boýunça Merkezi Aziýanyň ilkinji çempionaty başlanar. Ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysy «A» toparçada Täjigistanyň, Özbegistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

Türkmen ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow «Turkmenportala» beren ýörite interwýusynda güýçli düzümleri we tejribeli hüjümçileri bolan garşydaşlardan ýaýdanmaýandyklaryny aýtdy.

Habarçymyzyň garşydaş ýygyndylaryň ýiti hüjümleriniň bardygyny ýatladyp, esasan hem, Eldor Şomurodow ýaly Ýewropada çykyş edip ýören hüjümçileriň badyny saklamak baradaky meýilleri barada beren sowalyna baş tälimçi:

― Bu wezipäniň üstünde işleýäris. Bir maksadymyz bar, ony türgenleşiklerde has-da kämilleşdirjekdigimize ynanýarys ― diýip, jogap berdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Mergen Orazow CAFA ― 2023 üçin milli ýygynda legioner futbolçylaryň diňe ikisini çagyrdy. Olar hem ýurduň ýaşlar ýygyndysynyň agzalarydyr.

Özüňizi gyzylandyrýan sowallaryňyzyň birnäçesine jogap berýän bu söhbetdeşligi şu salgydan dolulygyna okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň