Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa Bileleşiginde tokaý ýangynlaryna taýýarlyk görýärler

17:3301.06.2023
0
21190
Ýewropa Bileleşiginde tokaý ýangynlaryna taýýarlyk görýärler
Surat: grani.la.lv

Yssy tomsuň öňüsyrasy Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary tokaý ýangynlaryna garşy göreşmek üçin uçarlaryň sanyny iki esse köpeltdi diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýagny bu ýyl adatdaky 13 sany uçaryň ornuna 28 uçar ýurtlaryň halas edijilerine tebigy hadysa garşy göreşde ýardam eder. Olar ÝB-iň ýurtlarynyň 10-synda ýerleşdiriler.

Galyberse-de, Gresiýada, Fransiýada we Portugaliýada 400 töweregi ýangyn söndüriji ýerleşdiriler. Meteorologlaryň çaklamalaryna görä, tomus has gurak bolar. ÝB-iň ýurtlarynyň şeýle taýýarlyk çärelerini görmegine 2022-nji ýyldaky adatdan daşary jokrama yssy sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň