Soňky habarlar

Arhiw

BAE Türkmenistanyň Prezidentini BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça mejlisine çagyrýar

12:3601.06.2023
0
27409
BAE Türkmenistanyň Prezidentini  BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça mejlisine çagyrýar
Surat: Ilçihananyň sosial torlary

Daşary işler ministrliginde BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli bilen daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ilçi W.Hajiýewe Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatyny BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin çakylyk bilen bile gowşurdy diýip, ilçihananyň resmi sosial sahypalarynda habar berilýär.

Duşuşykda taraplar ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, nobatdaky forum 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Dubaýdaky «EKSPO-sitide» geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Pariž Şertnamasynyň maksatlaryna tarap ilerlemek işine giňişleýin baha berjekdigi üçin-de, COP28 aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle-de ol global ýylylygyň senagatdan öňki derejelerden 1,5 gradusdan ýokary bolmazlygynda hem uly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýän döwri BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde (Şotlandiýa) geçirilen maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisine hem gatnaşyp, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary bilen çykyş edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň