Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Ruhy Liderini Türkmenistana sapar bilen çagyrdy

22:5931.05.2023
0
25704

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-nyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň adyndan Eýranyň Beýik Ruhy Liderine iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda köpýyllyk türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň köpugurly we işjeň häsiýeti nygtaldy. Şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine hem-de oňa täze kuwwat berjekdigine ynam bildirildi. Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de iki ýurduň däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurtda mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, EYR-nyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-nyň Beýik Ruhy Lideri hoşlaşanlarynda birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň