Soňky habarlar

Arhiw

Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we Haly muzeýlerine baryp gördi

22:3131.05.2023
0
31230
Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we Haly muzeýlerine baryp gördi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda ýanynda bolýan maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa özi üçin taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we Haly muzeýlerine baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Eýranyň paýtagty Tähranda ýerleşýän Milli gymmat bahaly daşlar muzeýine baryp, bu ýerde eýran halkynyň baý sungatyny gorap saklamak, müňýyllyklara uzaýan taryhyny wagyz etmek maksady bilen döredilen muzeýiň gymmatlyklaryny uly gyzyklanma bilen synlady.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy muzeýe baryp görendigi barada ýatlama hökmünde ýadygärlik sowgat gowşurdy.

Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň Haly muzeýine baryp gördi.

Eýranyň Haly muzeýi iki gatly häzirki zaman binasynda ýerleşýär. Onuň meýdany 3400 inedördül metre deňdir. Bu ýerde şeýle hem muzeýde görkezilýän sungat eserleriniň döredilişi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkindir.

Eýranyň Haly muzeýi özünde bu ugra degişli pars, arap, fransuz, iňlis we nemes dillerindäki kitaplary saklaýan kitaphana eýe bolan möhüm barlag merkezidir.

Belläp geçsek, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren işleri, köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmeti üçin çeper elli halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa 2022-nji ýylyň maý aýynda «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň