Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýranyň Prezidenti hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

22:0730.05.2023
0
34682

Şu gün Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň barşynda goňşy ýurduň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy bilen bolan duşuşykdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny bellediler. Taraplar şeýle-de halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gaz, elektroenergetika, ulag, suw pudaklaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda taraplary gyzyklandyrýan meseleleriň uly toplumy ara alyp maslahatlaşyldy. Gepleşikler türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň