Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

21:2730.05.2023
0
35635

Ozal habar berşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary dowam edýär. Saparyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad-Bager Galibaf bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar birek-birek bilen mähirli salamlaşyp. Dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti dogrusynda gepleşikleri geçirdiler. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» ýazýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça türkmen-eýran dostluk toparynyň döredilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi.

Şurasy Mejlisiniň Başlygy bu teklibi gyzgyn goldap, parlamentara gatnaşyklaryň esasynda uly sepgitlere ýetiljekdigini aýtdy.

Şeýle-de duşuşykda söwda nokatlaryny açmak we bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň